Irlandiýa karantini bozan syýahatçylary tussag etmegiň möhletini tassyklady

  • 19.02.2021 23:37
  • 11k+

Irlandiýanyň hökümeti karantin düzgünlerini bozan syýahatçylary tussag etmegi göz öňünde tutýan kanunyň taslamasyny tassyklady diýip, “The Irish Times” gazetine salgylanyp, vedomosti.ru belleýär.

Resminamada syýahatçylara rugsatsyz myhmanhanadan çykandygy, ýaşaýjylaryň saglygyna ýa-da janyna howp salandygy, şeýle-de koronawirus üçin PZR-barlagyny geçirmekden boýun gaçyrandygy üçin jeza bermek göz öňünde tutulýar. 

“Bu hili jenaýat edenlere 4000 ýewro möçberinde jerime salmak ýa-da bir aý azatlykdan mahrum etmek göz öňünde tutulýar” – diýip, neşir ýazýar.

20 ýurtdan gelen düzgün bozujy syýahatçylara tussaghana düşmek howpy abanýar. Awstriýadan, Braziliýadan, BAE-den we Afrikanyň 17 ýurdundan gelýän syýahatçylar iki hepde öz hasabyna myhmanhanada geçirmeli bolarlar. Eger-de onunjy gün geçirilen analiz otrisatel netijäni görkezse, izolýasiýa möhleti azaldylyp bilner.
Karantin obýektlerine gözegçiligi üpjün etmek üçin Irlandiýanyň hökümeti polisiýa bilen aragatnaşyk saklajak hususy gorag firmalaryny hakyna tutmagy meýilleşdirýär.

düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....