Alymlar gök çaýdan rak keseline garşy güýçli gorag jisimini tapdylar

  • 17.02.2021 23:32
  • 13k+

Alymlar gök çaýyň düzüminde soňlugy bilen rak öýjüklerini ýok etmäge ukyply bolan üýtgäp durýan maddany tapmagy başardylar.
Ýagny, gürrüň gök çaýyň ýapraklarynda köp bolan güýçli antioksidant – epigallokatehin gallaty (EGCG) barada gidýär. Ol özboluşly häsiýetleri üçin “gen goragçysy” diýlip atlandyrylýan p53 belogynyň rak keseline garşy işjeňligini güýçlendirip bilýär diýip, TASS habar berýär.

Adam organizminde p53 molekulalary rak keseline garşy belli bir funksiýalary ýerine ýetirýär: DNK-ny dikeltmek üçin öýjükleriň ösüşini togtatmak, DNK-nyň dikelişini işjeňleşdirmek we DNK-nyň zeperini dikeldip bolmadyk ýagdaýynda öýjükleriň öz-özüni ýok etmegine sebäp bolmak. Ýöne, adamda çiş ýagdaýlarynyň 50%-den gowragynda p53 belogynyň mutasiýasy ýüze çykarylýar. Şol sebäpli rak keseli himioterapiýa has gowy garşylyk görkezýär diýen çaklamalar hem bar.
Käbir ýagdaýlarda p53 geni üýtgemän galýar, ýöne DNK-nyň beýleki böleklerinde mutasiýa sebäpli onuň işjeňligi azalýar. Mysal üçin, MDM2 geni sagdyn öýjükleri tötänleýin ölümden gorap, p53 belogynyň “artykmaç” molekulalaryny bitaraplaşdyrýar. 
Şonuň üçin alymlar p53-iň rak keseline garşy funksiýalaryny gaýtadan işjeňleşdirmegiň we rak öýjükleriniň öz-özüni ýok etmegi üçin beýleki genleri basyp ýatyrmagyň ýoluny gözleýärler.
Täze barlagda professor Çunýuý Wanyň topary (Rensseller politehnika instituty, ABŞ) EGCG bilen p53-iň arasyndaky özara täsiriň belogy mutasiýadan goraýandygyny we onuň rak keseline garşy ukybyny ýokarlandyrýandygyny anykladylar.
Geljekde bu açyşyň EGCG-meňzeş birleşmeleri bolan çişler üçin düýpgöter täze dermanlary taýýarlamaga kömek etmegine garaşylýar.

09.06.2026 23:14
5.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....