Bezos BBI reýtinginde hem birinji orna dolandy

  • 17.02.2021 23:41
  • 7.7k+

Amazon amerikan korporasiýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Maskdan öňe geçip, birinji orny eýeledi. Muny Bloomberg Billionaries Index (BBI) reýtinginiň maglumatlary delillendirýär diýip, gazeta.ru habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, Bezosyň baýlygy 191 mlrd dollara ýetdi. 16-njy fewralda, sişenbe güni gazna söwdasynyň jemi boýunça, ol 372 mln dollaryny ýitirdi. Maskyň aktiwleriniň umumy bahasy 190 mlrd dollara deň. Tesla paýnamalarynyň bahasynyň pese düşmegi netijesinde, onuň baýlygy 4,5 mlrd dollar azaldy.
Şeýlelik bilen, Bezos 2017-nji ýyldan 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwaryna çenli saklan birinji ornuny gaýtaryp aldy. Şonda Bezosyň aktiwleriniň umumy bahasy 187 mlrd dollar, Maskyň baýlygy 188,5 mlrd dollar bilen bahalandyrylýardy. 
Şeýlelik-de, Mask reýtingde ikinji orna düşdi. Reýtingiň üçünji ornunda Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts ýerleşdi, onuň baýlygy 137 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Dördünji orny Louis Vuitton Moet Hennessy kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno (116 mlrd dollar) eýeleýär. Dünýäniň iň baý adamlarynyň bäşligini 104 mlrd dollar baýlygy bilen Facebook-y esaslandyryjy Mark Sukerberg jemleýär.

düýn 23:23
385

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

düýn 18:18
626

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 19:42
1.5k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

10.05.2026 18:57
9.8k+

Gazagystanly milliarder baýlygynyň ýarysyny haýyr-sahawata berýär

2026-njy ýylyň aprelinde gazagystanly telekeçi, BI Group kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Aýdyn Rahimbaýew we onuň aýaly Anar resmi taýdan «The Giving Pledge» halkara başlangyjyna goşuldylar. Bu başlangyç......