Stres ýagdaýy göze nähili täsir edýär?

  • 15.02.2021 19:54
  • 12k+

Oftalmolog lukman Igor Aznurýan Sputnik radiosy bilen bolan söhbetdeşliginde stresiň gözlere nähili täsir edýändigi barada gürrüň berdi. Muny ferra.ru ýetirýär.

Lukmanyň aýtmagyna görä, uzak wagtlap nerw täsirli ýagdaýda bolanda, adamyň gözüne zatlar goşa görnüp başlaýar. Mundan başga-da, dartgynly ýagdaýlar gözde ýiti agyrynyň döremegine ýa-da gözüň öňüniň ümezlemegine sebäp bolup biler.

"Bu göze nämedir bir zadyň gaçmagy bilen däl-de, eýsem, nerw reseptorlarynyň tolgundyryjy aýratyn ýagdaýy sebäpli şeýle bolýar. Eger gözde şeýle täsir döräp başlasa, soňlugy bilen ol ýürek-damar ulgamynda hem ýüze çykyp başlar. Bu juda howply bolup biler we ony çözmek hökmanydyr" - diýip, Aznurýan düşündirýär.

Lukman göz bilen bagly meseleler ýüze çykanda, nähili bejergi almalydygy barada ýörite hünärmen bilen maslahatlaşmalydygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde strese garşy göreşmekde diňe derman serişdeleri däl, eýsem, işjeň ýöremek hem peýdaly bolup biler.

11.05.2026 23:10
2.5k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.8k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.5k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....