Berlin kino festiwalynyň esasy bäsleşik maksatnamasy yglan edildi

  • 13.02.2021 20:27
  • 3.7k+

2021-nji ýyldaky Berlin kino festiwalynyň esasy bäsleşik maksatnamasy mälim edildi. Festiwalyň guramaçylarynyň metbugat beýanatyna görä, oňa 15 film gatnaşýar diýip, RIA Nowosti habar berdi.

"Altyn aýy" we "Kümüş aýy" baýraklary ugrundaky bäsleşige 15 sany, şol sanda iki sany täze film gatnaşýar"-diýip bellemek bilen, guramaçylar festiwalda hödürlenilýän önümleriň 16 ýurda degişli bolup durýandygyny nygtaýarlar. Şeýle hem olar mowzuklaryň geriminiň giň we derwaýys meselelere gönükdirilendigini, her filmiň saýlanan forma laýyk gelmeginiň has möhümdigini aýdýarlar. Mysal üçin, kamera oýny, dokumental film, gysga hekaýat, öwüt-nesihat häsiýetli tymsal, kitap uýgunlaşmasy, fantastika, satira, taryhy film, erteki we ş.m.
Filmleriň köpüsiniň festiwala ozal hem gatnaşan medeniýet işgärleri tarapyndan döredilendigi bellenilýär. Geçen ýyl Berlinde iň oňat režissýorlyk üçin “Kümüş aýy” baýragyny gazanan günorta koreýaly režissýor Hon San Su festiwalda “Giriş” (“Introduction”) filmini görkezer. Mundan başga-da, bäsleşik maksatnamasynda germaniýaly Dominik Grafyň Erih Kestneriň 30-njy ýyllarda faşistleriň häkimiýet başyna gelmezinden ozalky Berlin durmuşyndan söz açýan romany esasynda döredilen “Fabian” (“Fabian oder Der Gang vor die Hunde”) filmi bar. Şeýle hem bäsleşige fransuz režissýory Kawýe Bowuanyň “Albatros” (“Albatros”), Behtaş Sanaihiň we Miriam Mokadamyň režissýorlyk eden “Ak sygyr balladasy” (“Ballad of a White Cow”) (Eýran bilen Fransiýanyň bilelikdäki önümi) gatnaşýar.
Mundan başga-da, Berlinde ýapon režissýory Rýusuke Hamagutiniň "Şowlulyk we hyýal çarhy" (Wheel of Fortune and Fantasy) filmi, şeýle hem nemes dokumental film režissýory Mariýa Şpetiň "Jenap Bahman we onuň klasy” (Herr Bachmann und seine Klasse) filmleri görkeziler.

düýn 23:12
2.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
4.9k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.5k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
1.1k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......