Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň ady dakyldy

  • 13.02.2021 00:13
  • 22k+

2020-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde bellenip geçildi.

Türkmenistanyň Mejlisi türkmen Lideriniň bu başlangyjyny goldap, Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak we ony mundan beýläk «Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti» diýip atlandyrmak barada karar kabul etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Ýagşygeldi Kakaýewiň ýurdumyzyň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäri, uly tejribesi bolan halypa bolandygy, onuň nebitgaz pudagynyň häzirki zaman ugrunyň emele gelmegine, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine we ösdürilmegine uly goşant goşandygyny belledi.

06.04.2026 23:51
3.6k+

M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ekologiýa bilen saglygyň özara baglanyşygy maslahatlaşyldy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan «Ekologiýa abadançylygy — eşretli ertiriň kepili» atly......

04.04.2026 06:15
14k+

Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw mekdebine täze rektorlar bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurduň iki sany ýokary okuw mekdebiniň rektorlary çalşyldy....

03.04.2026 09:46
9.9k+

Gazagystanly okuwçy gyz plastik galyndylaryndan ýol gurmagy teklip edýär

Gazagystanyň Aýagöz şäherindäki 10-njy mekdep-gimnaziýanyň 10-njy synp okuwçysy Aružan Kabdulmaratowa plastik galyndylaryny gaýtadan işläp, ýol gurluşygynda ulanmagyň täze usulyny hödürledi. Bu barada BAQ.kz......

26.03.2026 13:54
937

Dior we ÝUNESKO zenanlaryň bilimi ugrundaky hyzmatdaşlygy uzaltdy

Dior moda öýi zenanlaryň bilimini goldamaga gönükdirilen Women@Dior maksatnamasynyň çäginde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada karara geldi. Bu barada WWD neşiri habar berýär....