Koronawirus zerarly Çempionlar ligasynyň üçünji duşuşygy başga şäherde geçiriler

  • 11.02.2021 16:03
  • 6.9k+

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň «Atletiko» bilen «Çelsi» klublarynyň arasyndaky birinji duşuşygyny Madridden Buharest şäherine geçirdi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

«Atletiko» — «Çelsi» duşuşygy 23-nji fewrala meýilleşdirildi. Jogap oýny 17-nji martda Londonda geçirilmeli.
Mundan öň, UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň iňlis klublary gatnaşýan iki duşuşygyny başga şähere geçiripdi. 16-njy fewrala meýilleşdirilen «Leýpsig» — «Liwerpul» duşuşygy Budapeştde geçiriler. Şeýle hem 24-nji fewralda Wengriýanyň paýtagtynda Mönhengladbahyň «Borussiýasy» «Mançester Siti» bilen duşuşar.
UEFA-nyň düzgünlerine laýyklykda, bu hili ýagdaýda «Borussiýa», «Leýpsig» we «Atletiko» duşuşygy geçirmegiň mümkin bolan başga bir ýoluny teklip etmeli. Eger şeýle edilmese, onda ol klublara 0:3 hasabynda tehniki ýeňliş yglan edilmeli.

şu gün 13:41
1.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
2.6k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 14:53
8.5k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
9.4k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......