Maskyň baýlygy bir hepdede 11,5 mlrd dollar artdy

  • 09.02.2021 14:37
  • 12k+

Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň emläk bahasy bir hepdede 11,5 mlrd dollar ýokarlandy diýip, “Forbes” žurnaly habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Neşiriň hasaplamalaryna görä, işewüriň baýlygy 184,3 mlrd dollara ýetdi. Bloomberg agentligi Maskyň umumy baýlygyny 203 mlrd dollar bilen bahalandyrýar. Maskyň bir ýylyň dowamynda baýlygynyň artmagynyň esasy sebäbi Tesla-nyň kapitallaşmasynyň ýokarlanmagy boldy. 2020-nji ýylyň başynda ol 100 mlrd dollardan azdy, häzirki wagtda 800 mlrd dollardan geçýär.
Tesla-nyň paýnamalary 29-njy ýanwardan 5-nji fewral aralygynda 7,4% ösdi.
Häzir Mask bir hepdäniň dowamynda iň köp girdeji gazanmagy başaran dünýäniň iň baý adamlarynyň arasynda iň uly 10 telekeçiniň sanawynda birinji orny eýeleýär. Girdeji jemi 74 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Bu sanawda ikinji orny Pinduoduo onlaýn söwda platformasyny esaslandyryjy Kolin Çžen Huan eýeledi. Sanawa Google amerikan korporasiýasynyň esaslandyryjylary Sergeý Brin we Larri Peýj hem girdi.

düýn 19:06
985

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......

14.06.2026 11:22
4.3k+

Lamin Ýamal American Eagle brendiniň bütindünýä ilçisi boldy

«Barselonanyň» we Ispaniýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Amerikanynyň American Eagle egin-eşik brendiniň täze bütindünýä ilçisi boldy....

12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

12.06.2026 13:09
9.1k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......