Türkmenistanda Internet hyzmatlarynyň bahalary arzanlady

  • 08.02.2021 16:29
  • 54k+

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» hem-de «Türkmentelekom» 2021-nji ýylyň fewral aýyndan Internet hyzmatlarynyň nyrhnamalaryna üýtgeşmeleri girizdi. Täze nyrhlar kompaniýalaryň resmi saýtlarynda peýda boldy.

Internet nyrhnamasyny üýtgetmek üçin müşderiler kompaniýanyň golaýda ýerleşen edarasyna ýüz tutmaly. Nyrhnamany üýtgetmegiň bahasy 1.00 manat.
Häzirki wagtda Internet nyrhnamany üýtgetmek we dolandyrmak işini uzak aralykdan, resmi saýtlardaky «Şahsy otagdan» ýa-da kompaniýanyň priloženiýalaryndan amala aşyrmak mümkinçiligi işlenilýär.
Internet nyrhnamanyň üýtgedilen ýagdaýynda hasap täze nyrhnama boýunça hasaplanylar. Eger-de täze nyrhnama üçin zerur bolan töleg möçberi ýeterlik bolmasa, onda kompaniýa Internete birikmek üçin balansyňy doldurmagy maslahat berer.

 

Internetiň täze nyrhnamalary
Şäher üçin nyrhnamalar
•    256 kbit/s — 100 manat
•    512 kbit/s — 150 manat
•    1 mbit/s — 170 manat
•    2 mbit/s — 200 manat
Daýhan birleşikleri we obalar üçin nyrhnamalar
•    256 kbit/s — 50 manat
•    512 kbit/s — 100 manat
Kärhanalar we guramalar üçin nyrhnamalar
•    2 mbit/s — 1000 manat
•    4 mbit/s — 1250 manat
•    6 mbit/s — 1500 manat
•    8 mbit/s — 1750 manat
•    10 mbit/s — 2000 manat
Bilim edaralary üçin nyrhnamalar
•    512 kbit/s — 250 manat
•    1 mbit/s — 350 manat
•    2 mbit/s — 500 manat
Belläp geçsek, 6-njy fewralda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmek boýunça geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Internet we aragatnaşygyň beýleki görnüşleri üçin nyrhlara gaýtadan seretmegi hem-de Internetiň ilat üçin giň elýeterliligini üpjün etmegi tabşyrdy.

şu gün 08:53
9

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

şu gün 08:04
919

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

şu gün 07:46
185

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 23:10
1.3k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......