Awstraliýada lukmançylyk örtüklerinden ýol ýasamagy öwrendiler

  • 06.02.2021 17:19
  • 15k+

Awstraliýada ýol gurluşygy üçin täze material oýlap tapdylar. Ol kiçijik böleklere bölünen lukmançylyk örtüklerinden we köne binalary ýykmakdan alynýan gaýtadan işlenen betondan ybarat. Bu barada ntv.ru habar berýär.

Oýlap tapyjylaryň habar bermegine görä, örtükler betony has çeýe materiala öwürýär. Ony ýollar we ýanýodalar üçin esas hökmünde ulanmak bolýar.
2020-nji ýylyň dowamynda lukmançylyk örtükleriniň önümçiligi ýüz esse ýokarlandy we häzirki wagtda milliardlarça adam bu gorag serişdelerini dakynmaga mejbur bolýar. Bir gezeklik örtükleri her iki sagatdan çalşyp durmalydygyny nazara alyp, bu önümleriň näçeräk mukdarynyň adamzat tarapyndan talap edilýändigini göz öňüne getirmek mümkin. Şonuň bilen baglylykda, her günde ýüzlerçe million sany zyňylýan örtükleri näme etmelidigi barada sorag ýüze çykýar.
Alymlar dünýäde bir günde 6,8 milliard bir gezeklik örtükleriň ulanylýandygyny hasapladylar. BMG-niň maglumatlaryna görä, olaryň 75%-i zibillere düşýär we dünýä ummanyna ýygnanýar.
Ýol gurluşygy barada aýdylanda,   hasaplamalara görä,  bir kilometr ýol üçin üç million töweregi örtük gerek bolar.
Şeýlelikde, 93 tonna galyndy gaýtadan işlener. Hünärmenler şeýle materialdan ýasalan ýollaryň adatdakysyndan uzak wagtlap hyzmat etjekdigini we 30% arzan boljakdygyny tassyklaýarlar.

şu gün 00:14
415

Beýik Britaniýada gämiler üçin suwda ýüzýän wodorod elektrik stansiýasy synagdan geçirildi

Britaniýanyň deňiz konsorsiumy kenarýaka infrastruktura birikdirilmezden, portda duran ýerinde gämileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen, suwda ýüzýän elektrik stansiýasynyň täze nesli......

düýn 23:06
954

Fransiýada ganaty ýel berlip çişirilen uçarmansyz uçar synagdan geçirildi

Fransiýanyň Celeste Ecoflyers kompaniýasy adaty gaty materialyň deregine çişirilen dokma ganat ulanylan dAS10 ýük ucarmansyz uçarynyň ilkinji uçuş synaglaryny geçirdi....

düýn 20:46
1.9k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

düýn 12:47
4.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......