2021-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna geljeklere dymmak maslahat berildi

  • 06.02.2021 16:14
  • 7.9k+

Halkara Olimpiýa Komiteti Tokioda geçiriljek 2021-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlary üçin türgenleriň we janköýerleriň özüni alyp barmagynyň kadalarynyň sanawyny çap etdi. Oňa laýyklykda, myhmanlara, hususan-da, aýdym aýtmazlyk we gygyrmazlyk maslahat berilýär. Bu barada vesti.ru habar berýär.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň habarynda türgenleri goldamagyň ýeke-täk ýolunyň el çarpyşmalardygy nygtalýar. Bu näsaglaryň gygyrmak, aýdym aýtmak, gürlemek we üsgürmek arkaly çykarýan ýokanç damjalary zerarly adamlaryň koronawirus bilen kesellemek howpy bilen baglanyşyklydyr.
Elbetde, Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti örtük dakynmagyň hem möhümdigini belleýär. Mundan başga-da, Tokio gitmezden 14 gün öň ýükläp almaly mobil programma arkaly saglyk gözegçiligi amala aşyrylar. Oňa öz saglygyňyz baradaky maglumatlary girizmek gerek bolar.
Sanawda Covid synaglary hem hökmany çäre hökmünde göz öňünde tutulýar. Umuman alanyňda, synagdan üç gezek - Ýaponiýa gitmezinden 72 sagat öň, Ýaponiýa barandan soň we oýunlar gutaransoň öz ýurduňa ugramankaň geçmeli bolar.

düýn 23:31
418

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....

düýn 23:07
1.3k+

Gattuzo Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekildi, ýurduň Futbol Federasiýasynyň başlygy hem yzyna eýerdi

Italiýanyň milli ýygyndysy Jennaro Gattuzonyň baş tälimçi wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Bu karar topar 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrundaky soňky pleý-off oýnunda......

düýn 20:48
4.1k+

Messi, Ronaldu, Mbappe we Winisius bir wideoda LEGO-nyň täze toplumynyň mahabatynda düşdüler

Futbol ýyldyzlary — Lionel Messi, Kriştianu Ronaldu, Kilian Mbappe we Winisius Žunior 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan mahabat wideosyna gatnaşdylar....

düýn 19:30
1.7k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......