Dört ýaşly çagajyk dinozawryň 215-220 million ýaşly aýak yzyny tapdy

  • 04.02.2021 16:45
  • 36k+

Dört ýaşly gyzjagaz üstünden 215-220 million ýyl geçen ýyrtyjy dinozawryň gowy saklanyp galan aýak yzyny tapdy. Geň ýeri, çagajyk ýöne bir kenarda gezmeläp ýörkä bu tapyndynyň üstünden bardy diýip, vesti.ru habar berdi. 

2021-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Günorta Uelsiň körpe ýaşaýjysy Lili Waýlder kakasy we iti bilen kenarda gezim edýän eken. Şol wagt uly bolmadyk daşyň ýüzündäki penje yzy çaganyň ünsüni çekipdir. Aýak yzynyň uzynlygy on santimetre ýetýän eken.
Ilkibaşda Waýlderleriň maşgalasy muny bary-ýogy kimdir biriniň ýöne çekäýen suratydyr öýdüpdir. Emma maşgalanyň ululary şuňa meňzeş aýak yzlarynyň bu kenardan ozal hem tapylandygyny bilýän ekenler. Şonuň üçin Liliniň ejesi "Facebook"-da professionallar jemgyýetini tapyp, tapyndynyň suratyny şol ýere ýerleşdiripdir. Onuň aýtmagyna görä, bu paleontologlaryň arasynda uly seslenme döredipdir.
Waýlderleriň maşgalasy bilen tiz wagtdan Uelsiň milli muzeýiniň işgärleri habarlaşdy. Alymlar tapyndyny kenardan alyp, muzeýe iberdiler.
Hünärmenler bu yzy galdyran dinozawr iki aýakda ýörändir diýip çaklaýarlar. Aýak yzynyň ölçeginden çen tutsaň, onuň boýy 75 santimetre, uzynlygy 2,5 metre ýeten bolmaly diýlip aýdylýar.
Käbir alymlar bu tapyndyny soňky on ýylda Angliýada tapylan iň oňat saklanan dinozawryň aýak yzy diýip hasap edýärler.

şu gün 07:44
1.2k+

Gresiýanyň adasynda pişiklere seredeniň üçin mugt ýaşaýyş jaýy hödürlenilýär

Syroscats haýwanlary goramak guramasy Gresiýanyň Siros adasynda işlemek üçin 2027-nji ýyl boýunça meýletinçileri hasaba alyp başlajakdygyny yglan etdi. Maksatnama gatnaşyjylar pişiklere seredendikleri üçin......

düýn 20:48
956

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......

düýn 20:32
4.3k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

düýn 17:31
751

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....