Alymlar meşhur tagamyň zyýanly täsirini aýtdylar

  • 02.02.2021 20:36
  • 13k+

Dünýäde iň meşhur tagamlaryň biri — gowrulan ýeralma (kartoşka fri) ölüm derejede howply bolup biler. Bu tagamy hepdede iki ýa-da ondan köp iýmek irki ölüm howpuny iki esse ýokarlandyryp bilýär. Şeýle netijä Ýaponiýanyň alymlary geldiler. 4500 sany uly ýaşly adamdan ybarat barlagyň netijeleri “The American Journal of Clinical Nutrition” žurnalynyň sahypalarynda ýerleşdirildi. Bu barada chto-proishodit.ru habar berýär.

Gowrulan ýeralma sagdyn durmuş ýörelgesi üçin iýmitlere degişli däldir, sebäbi ol köp mukdarda ýagda gowrulýar.
Şol sebäpli onuň düzüminde ýag köp bolup, ol saglyga ýaramaz täsir edýär. Aýratynam, ol “ýaramaz” holesteriniň derejesini ýokarlandyryp, “gowy” holesteriniň derejesini peseldýär. Mundan başga-da, ýürek keseliniň we insultyň ýüze çykma howpy ýokarlanýar.
Ýapon alymlary barlagyň dowamynda ganynda ýaglaryň ýokary derejesi bolan bu tagamyň muşdaklarynda Alsgeýmer ýa-da garrylyk demensiýasy keseliniň döremek ähtimallygynyň 75% ýokarydygyny anykladylar. 
“Eat This, Not That!” neşiri diňe gowrulan ýeralmanyň däl, eýsem, ähli gowrulan iýmitleriň zyýanlydygyny belleýär. Gowrulan iýmitleri hepdede üç gezek iýmek ýürek tutma howpuny 7 göterim ýokarlandyrýar. Ýaglar beden tarapyndan uglewodlara we beloklara garanda haýal siňdirilýär. Şol sebäpli alymlar gowrulan ýeralmanyň garyn agyrysyna sebäp bolup biljekdigini tassyklaýarlar. 

düýn 23:10
493

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.3k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....