COVID-19-a garşy sanjym edilen syýahatçylary kabul etmäge taýýar ýurtlar

  • 01.02.2021 14:56
  • 26k+

Seýşel adalary, Islandiýa we Rumyniýa eýýäm aýratyn şertler bolmazdan, koronawirusa garşy sanjym alan daşary ýurtlulary öz çägine goýbermäge taýýar. Munuň üçin sanjymyň edilendigini we otrisatel PZR-barlagy tassyklaýan şahadatnama bolmaly. Bu barada Regnum agentligi habar berýär.

1-nji martdan Kipr we Mawrikiý hem koronawirusa garşy sanjym alan syýahatçylary kabul etmegi göz öňünde tutýar. Kipr sanjym alan syýahatçylary PZR-barlag netijelerini hödürlemek zerurlygyndan boşatmak isleýär. Mawrikiý hem syýahatçylary iki hepdelik karantine ibermez. Ysraýyl, Gresiýa, Ispaniýa, Estoniýa, Daniýa, Polşa, Wengriýa we Belgiýa syýahatçylaryň çäklendirilmedik giriş şertlerini heniz ara alyp maslahatlaşýarlar.

düýn 16:31
3.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
3.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.3k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......