Koronawirusyň "gowşak damary" ýüze çykaryldy

  • 01.02.2021 14:20
  • 29k+

Wanderbilt uniwersitetiniň hem-de Tehas uniwersitetiniň lukmançylyk bölüminiň alymlary koronawirusyň gowşak ýerini ýüze çykardylar. Bu barada RIA Nowosti “MedicalXpress” -e salgylanyp habar berdi.

Hünärmenler SARS-CoV-2-iň aýratyn fermentiniň - ekzoribonukleaza nsp14-ExoN-iň bardygyny anykladylar. Ol wirusa gen köpeltmek wagtynda ýüze çykýan ýalňyşlyklary düzetmäge kömek edýär we beýleki ştammlardan patogeniň ewolýusiýa artykmaçlygyny berýän genetiki materialyň sogrulyp alynmagyna jogap berýär.

"Koronawirusyň ekzoribonukleazasy dowam edýän COVID-19 pandemiýasyny ýok etmek we gowşatmak, şeýle hem geljekde täze koronawiruslaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin basyş edilmeli möhüm nokat bolup hyzmat edýär" - diýip, ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri Jennifer Gribbl belledi.

Alymlaryň pikiriçe, nsp14-ExoN koronawirusyň "gowşak damary" bolup, fermentiň hereketini bökdäp bilýän bir derman öndürilse, wirus birleşmek ukybyny ýitirer we bütinleý güýçden galar.

düýn 18:05
2.1k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......