iPhone 13 Pro 1 TB fleş ýada eýe bolar

  • 30.01.2021 17:15
  • 13k+

Apple kompaniýasy ýakynda örän üstünlikli bolan iPhone 12 tapgyrynyň smartfonlaryny hödürledi. Kompaniýa 90 milliondan gowrak iPhone bilen üpjün edip, ähli rekordy täzelemegi we 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginde smartfonlaryň dünýä bazarynda lider bolmagy başardy.

iPhone 12 — kompaniýanyň bäşinji nesil toruna eýe bolan ilkinji smartfony boldy. Habar çeşmeleri iPhone 13 tapgyrynyň uly göwrümli içki fleş ýada eýe bolan iň bolmanda bir modeli öz içine aljakdygyny habar berýärler.
Apple-iň şu ýylyň güýzünde 1 TB göwrümli fleş ýady bolan iPhone 13 Pro-ny çykarmagyna garaşylýar. Bu iPhone 12 hataryndaky iň ýokary göwrümli ýatdan iki esse uludyr. Ähtimal, iPhone 13 Pro Max hem şeýle göwrümli saklaýjy bilen elýeterli bolar.
Mundan öň, iPhone 13 tapgyrynyň täze smartfonlarynyň Wi-Fi 6E tehnologiýasyny göterjekdigi habar berildi. Apple iPhone 13 tapyrynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň şu ýylyň sentýabr aýynda bolmagyna garaşylýar.

şu gün 18:51
757

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.5k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.3k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....