Apple dünýäde iň uly smartfon satyjysy boldy

  • 30.01.2021 07:54
  • 8.6k+

Apple amerikan korporasiýasy dünýäde iň uly smartfon satyjysy boldy. 2020-nji ýylyň 4-nji çärýeginiň jemi boýunça Apple dünýä bazarynyň 23,4% rekord paýyny eýeläp, Samsung-dan öňe geçdi. Bu barada shraibikus.com habar berýär.

Geçen ýylyň soňky 4 aýy Apple üçin 2020-nji ýylda iň üstünlikli döwür bolup, bu brendiň 90,1 million gurluşy satyldy.
Çärýegiň jemi boýunça ikinji orunda bazaryň 19%-ini eýelän Samsung kompaniýasy ýerleşýär. Üçünji orun Xiaomi kompaniýasyna degişli bolup, onuň yzyndan degişlilikde, dördünji we bäşinji orunlary eýelän Oppo we Vivo gelýär. Huawei kompaniýasy 6-njy orna düşdi. Bu döwürde Huawei hytaý kompaniýasynyň üpjünçiligi 42,4% pese gaçdy, bu 32,3 million gurluşa deňdir. 
Eger-de ýylyň netijelerini göz öňünde tutsak, bu ýerde Samsung liderlik edýär, ikinji orny Apple, üçünji orny Huawei eýeleýär, onuň yzyndan Xiaomi, Oppo, Vivo we Realme ýerleşýär.
Apple kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2020-nji ýylyň soňky çärýeginde maliýe girdejisi 111,4 milliard dollar bolup, bu bir ýyl ozalkydan (91,8 milliard dollar) 21% köpdür. Korporasiýanyň metbugat relizinde bu görkezijiniň kompaniýanyň tutuş taryhynda rekorddygy we iň ýokary görkezijiniň iPhone 12, ykjam elektronika we hyzmatlar satuwynda gazanylandygy bellenilýär.

düýn 21:59
945

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.1k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.9k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....