Türkmenistan koronawirusa garşy «EpiWakKorona» sanjymyny bellige aldy

  • 29.01.2021 21:05
  • 22k+

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň «Wektor» wirusologiýa we biotehnologiýa döwlet ylmy merkezi tarapyndan işlenip düzülen ikinji rus sanjymyny — «EpiWakKorona» sanjymyny bellige aldy.

Degişli şahadatnama Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky Dermanlary hasaba almak we döwlet gözegçiligi merkezi tarapyndan berildi, diýip Orient agentligi habar berýär.
Şahadatnama gowşurmazdan ozal, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi sanjymyň bilermenlik seljerme işlerini geçirdi.
Bellige alyş şahadatnamasy ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bu sanjymyň satyn alynmagyna we ulanylmagyna mümkinçilik berýär.
«EpiWakKorona» sanjymy Russiýada 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda hasaba alyndy we hasaba alyşdan soňky kliniki synaglardan geçdi. Belläp geçsek, Türkmenistan bu sanjymy resmi taýdan bellige alan ilkinji ýurt boldy.
Habar berlişi ýaly, Rospotrebnadzoryň Epidemiologiýa merkezi ylmy-barlag institutynyň wekilleri häzirki wagtda Aşgabada geldiler.
Öň, 2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik V» sanjymyny bellige alypdy hem-de degişli şahadatnamany beripdi. Türkmenistan Merkezi Aziýada «Sputnik V» sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan makullan ilkinji ýurt bolupdy.
Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň aýtmagyna görä, «EpiWakKorona» sanjymynyň uly göwrümli önümçiligi fewral aýynda başlanar.

31.05.2026 00:28
5k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....

30.05.2026 19:41
6.4k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......

29.05.2026 23:28
2.7k+

Fransiýada saglyk ätiýaçlandyryşy semizlige garşy dermanlaryň çykdajylaryny töläp başlar

Fransiýada milli ätiýaçlandyryş maksatnamasynyň çäklerinde, 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryndan başlap, semizligi bejermek üçin niýetlenen derman serişdelerini satyn almagyň çykdajylary döwlet tarapyndan......

28.05.2026 19:35
7.3k+

ABŞ Ebola ýokuşan raýatlaryny bejergi üçin Keniýa ibermek isleýär

ABŞ-nyň administrasiýasy Ebola keseline ýolugan amerikan raýatlaryny bejergi we karantin üçin Keniýa ibermek barada meýilnama taýýarlady. Bu barada The New York Times gazeti ygtybarly çeşmelere salgylanyp......