Alymlar minudy bir sekunt gysgaltmak isleýärler

  • 24.01.2021 14:39
  • 18k+

Wagt düşünjesi alymlar tarapyndan uzak ýyllaryň dowamynda öwrenilip gelinýär we alymlar dünýä ylmyna barha köp täze maglumatlary goşýarlar. Elbetde, wagtyň geçişi planetalar bilen bolup geçýän hadysalara gönüden-göni baglydyr. Muňa mysal edip, günüň uzynlygynyň Ýerde, Marsda, Plutonda tapawutlydygyny görkezip bileris. Ýöne alymlar Ýeriň wagtyna öz düzedişlerini girizýärler.

Alymlar Ýeriň aýlanyş tizligi hemişelik bolup bilmez diýip hasaplaýarlar. Ol haýallap hem, çaltlaşyp hem bilýär. Hut planetanyň tizliginiň artmagy  sebäpli-de alymlar bir minut diýlip kabul edilen wagt birligini bir sekunt gysgaltmak isleýärler. Bu barada evo-rus.com habar berdi.
Şeýle-de bolsa, ylym wekilleriniň hemmesi beýle üýtgeşmäniň girizilmegi bilen ylalaşmaýar, olar bu gysgaltma Ýerdäki wagt ölçegleriniň takyklygyna täsir edip biler diýip heder edýärler. Soňky ylmy barlaglar we planetamyza gözegçilik onuň aýlanyş tizliginiň geçen ýyl ýokarlanandygyny görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýeriň öz okunyň töwereginden aýlanyş görkezijisiniň indi azalandygy habar berildi.
Bir minutdan bir sekunt aýrylsa, käbir enjamlaryň takyklygy babatda meseleler ýüze çykyp biler. Bu adaty ulanyjylaryň kompýuterlerine gurnalan operasion ulgamlarynda serwerleriň näsazlygyna hem sebäp bolup biler. Häzirki wagtda alymlar bir minutdan aýrylmaly sekuntlaryň ýa-da millisekuntlaryň sany barada belli bir ylalaşyga gelip bilmediler, ýöne muňa zerurlyk kem-kemden artar, sebäbi geljekde Ýeriň aýlanyşy has hem çaltlaşyp biler. Alymlar bu ýylyň ylmyň taryhynda iň gysga ýyl boljakdygyny eýýäm mälim etdiler, ýöne bu üýtgeşmäni ylymdan daşarda az adam duýar.
Bir minudyň dowamlylygy hakynda gutarnykly çözgüdiň 2023-nji ýylda Radioaragatnaşygyň bütindünýä sergisinde yglan edilmegine garaşylýar.

düýn 23:21
623

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

18.05.2026 01:03
3.4k+

47 million galaktikadan we kwazardan gelýän ýagtylyk: Älemiň iň jikme-jik 3D kartasy döredildi

Halkara DESI taslamasy Älemiň iň uly we iň jikme-jik üç ölçegli kartasyny düzüp, 47 milliondan gowrak galaktikadan we kwazarlardan düşýän ýagtylygy ýazga aldy....

17.05.2026 23:19
1.5k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

17.05.2026 14:21
3.6k+

Şalynyň zyýankeş gurçuklary duzaga salmak we öldürmek häsiýetiniň bardygy anyklandy

Arkanzas uniwersitetiniň alymlary şalynyň öz tüýjümek sümmül gurluşyny duzak hökmünde ulanyp, mekge ýapragynyň sowkasyny fiziki taýdan öldürip bilýändigini anykladylar. Bu barada Ecological Processes......