Habib Makgregoryň Porýeden ýeňilmeginiň sebäbini aýtdy

  • 24.01.2021 13:04
  • 38k+

UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony Habib Nurmagomedow UFC 257 turniriniň esasy duşuşygynda Konor Makgregoryň Dastin Porýeden ýeňilmegi barada pikirini paýlaşdy.

— Öz toparyňy üýtgedip, seni çempion derejesine ýetiren türgenleşik ýoldaşlaryňy terk edip, hakyky dünýäden üzňelikde kiçijik çagalar bilen türgenleşseň, ine, hut şular ýaly ýagdaýa duçar bolarsyň — diýip, Nurmagomedow Twitter sahypasynda ýazdy.

Ýatlatsak, Porýe Makgregory eýýäm ikinji raundda nokauta gidirdi. Amerikaly türgen 2014-nji ýyldaky ýeňlişi üçin rewanş aldy.
Söweşden soň Makgregor karýerasyny dowam etjekdigini hem-de 2021-nji ýylda işjeňligini has hem artdyrjakdygyny aýtdy.

«Men uzak wagtlap durgunlykda boldum, hereketsizligi ýeňip geçmek kyn, ine bolany. Aýak urgulary ajapdy, has hem injik töweregine urgy jaý boldy, aýak işini bes etdi. Maňa garaşanym ýaly oňaýly bolmady, emma Dastin ajaýyp türgen».
«Elbetde, men ýene-de oktagona çykaryn. Men diýseň köp zähmet çekdim, eden işime-de guwanýaryn, emma toparyma has gowy wekilçilik etmek isleýärin. Häzir men çagalarym bilen myhmanhanada dynç almakçy, soňam güýjümi dikeltmek isleýärin» — diýip Konor söweş gutarandan soň aýtdy.

şu gün 10:04
986

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......