«Terminator» koronawirusa garşy sanjym etdirdi

  • 22.01.2021 16:47
  • 15k+

Kaliforniýanyň öňki gubernatory, Respublikan partiýanyň agzasy, aktýor Arnold Şwarsenegger Los-Anjelesde koronawirusa garşy sanjym etdirendigi baradaky habar bilen Twitterinde paýlaşdy. Muny gazeta.ru ýetirýär.

73 ýaşly golliwudly aktýor uly sanjym ediş nokady döredilen “Dojers” stadionynda sanjym etdirdi.

“Men hiç haçan nobata duranyma şeýle begenmändim. Başarsaňyz, maňa goşulyň-da, sanjym etdiriň! Eger ýaşamak isleseň, meniň bilen gel!” –diýip, ol “Terminatordan” meşhur jümlesini aýtdy.

Şeýle-de, 75 ýaşly aktýor Stiw Martiniň hem koronawirusa garşy sanjym alandygy belli boldy.
Belläp geçsek, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden kasam kabul ediş dabarasynda wezipä girişenden soň birinji aýyň ahyryna çenli federal häkimiýetleriň goldaw bermegi bilen ýurtda 100 sany sanjym merkezini döretmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

20.06.2026 12:08
7.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......