Hytaý 2024-nji ýyla çenli “Zatlaryň internetiniň” iň uly bazary bolar

  • 18.01.2021 23:33
  • 6.5k+

Hytaý 2024-nji ýyla çenli ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly “IoT” bazary bolar diýlip, senagat hasabatynda aýdylýar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Hytaýyň “Zatlaryň interneti” (“internet of things” – IoT) üçin çykdajylary 2024-nji ýyla çenli tas 300 milliard dollara ýeter, şonuň bilen birlikde geljek bäş ýylyň içinde ýyllyk ösüş depgini 13% derejesinde saklanar. Şeýle maglumatlar halkara barlag we konsalting kompaniýasy International Data Corporation (IDC) tarapyndan getirilýär.
2024-nji ýylda global IoT çykdajylarynyň 26,7%-i Hytaýyň paýyna düşer, onyň yzyndan 23,8% bilen ABŞ we 23,4% bilen Günbatar Ýewropa ýerleşer.
Kompaniýanyň hasabatyna goşulan 20 pudagyň arasynda önümçilik çykdajylary, döwletiň we sarp edijileriň “Zatlaryň interneti” üçin çykdajylary 2024-nji ýyla çenli bu bazaryň umumy çykdajysynyň ýarysyndan gowragyny düzer.

Belläp geçsek, pandemiýa we ähli pudaklarda çykdajylaryň azalmagy sebäpli Hytaý 2020-nji ýylyň başynda “Zatlaryň interneti” bazarynda bökdençliklere sezewar boldy.

şu gün 08:37
4.3k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

düýn 08:33
3.3k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.1k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......