Türkmenistan koronawirusa garşy «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy

  • 18.01.2021 20:50
  • 31k+

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi.  

«Türkmenistan Merkezi Aziýada «Sputnik V» sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan makullan ilkinji ýurt boldy. Hyzmatdaşlarymyz sanjymyň howpsuzlygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler, çünki ol bu günki günde koronawirusa garşy göreşmegiň dünýä derejesindäki öňdebaryjy serişdeleriň biri bolup durýar we şol bir wagtda hem ol eýýäm dünýäniň dürli sebitleriniň döwlet häkimiýetleri tarapyndan makullanyldy» - diýip, Göni maýa goýumlaryň rus gaznasynyň (GMRG) baş direktory Kirill Dmitriýew belleýär.
«Biz adamyň adenowirus ugrunyň içgin öwrenilen platformasynyň esasynda döredilen hem-de degişli barlaglardan geçen «Sputnik V» serişdesi bilen ilata sanjym geçirilmeginiň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almagyň derwaýys elementleriniň biri bolup durýandygyna ynanýarys», diýip onuň sözlerini Türkmenistanyň DIM-niň saýty getirýär.

Bu günki günde «Sputnik V» sanjymy dünýäniň 10-dan gowrak ýurtlarynda ulanmak üçin makullanylandyr.

şu gün 10:15
138

«Mehanika» sürmek demensiýa garşy göreşde peýdaly bolup çykdy

Mehaniki geçiriş gutuly awtoulaglary sürmeklik ýaşuly sürüjilerde ýaş bilen bagly kognitiw bozulmalaryň töwekgelçiligini azaldyp biler. Tohoku uniwersitetiniň professory Rýuta Kawasimanyň ýolbaşçylygyndaky......

düýn 07:09
2.4k+

Alymlar depressiýany anyklamak üçin oýun işläp düzdüler

Nýu-Ýork uniwersitetiniň Langon Hells lukmançylyk merkeziniň alymlary depressiýany sanlyja minutda anyklamaga mümkinçilik berýän kompýuter oýnuny işläp düzdüler. Medical Press neşiriniň ýazmagyna görä, oýnuň......

24.05.2026 23:22
2.8k+

Alymlar hapa suwlarda düwnük dörediji wiruslary tapdylar: indi olary yzarlamak kyn bolmaz

Beýlor lukmançylyk kollejiniň we Tehas uniwersitetiniň alymlary taryhda ilkinji gezek şäherleriň hapa suwlarynyň içinde adamlarda howply çişleriň döremegine sebäp bolýan esasy wiruslaryň hemmesini birden......

23.05.2026 21:04
2k+

The Lancet: Dünýäde tas 1,2 milliard adam psihiki bozulmalardan ejir çekýär

Dünýäde diagnoz goýlan psihiki bozulmalaryň sany 1990-njy ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda 95,5% artdy, şeýle ýagdaýlaryň umumy sany bolsa 1,17 milliarda ýetdi. Bu maglumatlar «The Lancet» atly abraýly......