Bloomberg Apple-iň eplenýän iPhone-yň üstünde işleýändigini habar berdi

  • 17.01.2021 23:52
  • 11k+

Apple kompaniýasy eplenýän ekranly smartfony taýýarlamaga başlady. Bu barada Bloomberg agentligi çeşmä salgylanmak bilen habar berýär. Muny RBK mediaholdingi ýetirýär.

Onuň maglumatlaryna görä, iş prosesi displeýi döretmek tapgyrynda bolup, häzirlikçe kompaniýada eplenýän iPhone-yň nusgasy ýok.
Kompaniýa eplenýän ekranyň ölçegi barada belli bir netijä gelmedi. Esasan, iPhone 12 Pro Max ýaly diagonaly 6,7 dýuým (takmynan, 17 sm) displeý görnüşi göz öňünde tutulýar.
Apple-iň synagdan geçirýän ekranlarynyň köpüsinde eplenilende görünmeýän halka (şarnir) mehanizmi bar, ýagny telefon doly açylan ýagdaýynda ekran bir bitewä öwrülýär. Samsung-yň eplenýän smartfonlary hem şeýle görnüşde gurnalan. Ýöne Microsoft kompaniýasynyňky tapawutlanýar, onda görnüp duran halkalar iki aýratyn paneli birikdirýärler.
Agentligiň belleýşi ýaly, eplenýän iPhone ýakyn wagtda çykarylmaz, onuň asla çykmazlygy hem ähtimal. Häzir Apple esasy ünsüni şu ýylyň ahyrynda täze iPhone we iPad flagman gurluşlaryny çykarmaga gönükdirýär.
Kompaniýanyň eplenýän iPhone-yň nusgasyny taýýarlaýandygy barada dekabr aýynyň ahyrynda “Forbes” hem habar beripdi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, gurluş daşky görnüşi boýunça Samsung-yň Galaxy Z Flip-ine meňzär.

şu gün 11:22
523

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
215

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
1.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.4k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......