Türkmen türgeniniň gazanan kümüş medaly 3 ýyldan soň altyna öwrüldi

  • 17.01.2021 22:55
  • 16k+

2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda zenan türgenleriň arasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň wekili Ýulduz Jumabaýewa bilen taýlandly iki agyr atletikaçynyň arasynda çekeleşikli bäsdeşlik bolupdy. Netijede, türkmen türgeni siltäp götermek boýunça bürünç medala, itekläp götermek hem-de 179 kilogram netije bilen iki görnüşiň jemi boýunça iki kümüş medala mynasyp boldy. Ýeri gelende bellesek, Ýulduzyň ahyrky netijesi, şeýle hem “itekläp göteren” 104 kilogramy ýetginjekleriň dünýä rekordy diýlip hasaba alyndy.
Düýn ýurdumyza 2018-nji ýyldaky Dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazanan taýlandly agyr atletikaçy Sukçaroeniň dopinge garşy düzgünleriniň bozulmagy sebäpli medallaryň gaýtadan paýlanjakdygy baradaky habar gelip gowuşdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa siltäp götermekde altyn medalyň we itekläp götermekde kümüş medalyň eýesi boldy.
Halkara agyr atletika federasiýasy türkmen türgenine bu medaly şu ýyl geçiriljek halkara ýaryşlaryň birinde gowşurmagy meýilleşdirýär.

düýn 23:43
4.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
6.4k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......