BSGG syýahatçylar üçin sanjym pasportlary meselesini maslahatlaşar

  • 15.01.2021 23:46
  • 7.6k+

BSGG-niň koronawirus baradaky halkara lukmançylyk-sanitar düzgünleriniň adatdan daşary komiteti sanjym edilenler üçin pasportlar baradaky meseläni maslahatlaşýar diýip, BSGG-niň Ýewropa býurosynyň immunizasiýa bölüminiň uly hünärmeni Oleg Beneş habar berdi. Bu barada RIA Nowosti ýazýar.

“Koronawirus ýokanjyna garşy täsirli we howpsuz sanjymlaryň ýüze çykmagy bilen BSGG halkara syýahatçylara sanjym etmek bilen baglanyşykly meseleleri we näsazlyklary öwrenýär” – diýip, Beneş aýtdy.

Ol halkara lukmançylyk-sanitar düzgünleriniň sanjym şahadatnamasynyň ulanylyşyny düzgünleşdirýändigini sözüniň üstüne goşdy. Halkara lukmançylyk-sanitar düzgünleri boýunça komitet koronawirusa garşy göreş çäreleri bilen baglanyşykly meseleleri wagtal-wagtal gözden geçirýär. Onuň aýtmagyna görä, pasport meselesi hem komitetiň gün tertibinde bar.

düýn 07:10
4.3k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......

26.04.2026 21:03
5.2k+

Finlýandiýanyň paýtagtynda dünýäniň iň uzyn pyýada köprüleriniň biri açyldy

Helsinkide uzynlygy 1191 metr bolan «Kruunuwuorensilta» köprüsi açyldy. Ol Finlýandiýadaky iň uzyn we iň belent köpri boldy....

25.04.2026 12:45
3.9k+

Berlinde syýahatçylar şäher zibilini ýygnandygy üçin sylaglanyp başlanar

2026-njy ýylyň tomsunda Berliniň häkimiýetleri «BerlinPay» maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Onuň çäklerinde syýahatçylar zibil ýygnamak we jemgyýetçilik başlangyçlaryna gatnaşmak arkaly medeni......

24.04.2026 10:18
5.2k+

Wýetnam syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady

Wýetnam daşary ýurtly syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady. Bu ulgam ilki bilen Hoşimin şäherindäki Tanşonnýat howa menzilinde işläp başlady. Soňlugy bilen ony beýleki giriş......