“Apple” jynsparazlyga garşy taslamalara 60 million dollar maýa goýar

  • 14.01.2021 21:16
  • 9.9k+

“Apple” jynsparazlyga garşy göreşmek bilen meşgullanýan birnäçe taslamalara 60 million dollar maýa goýmak isleýändigini mälim etdi. Munuň özi “Apple”-iň geçen ýyl başyny başlan we jynsparazlyga hem-de deňsizlige garşy göreşmek üçin 100 million dollar bölüp bermegi göz öňünde tutýan taslamasynyň bir bölegidir. Bu barada kommersant.ru habar berdi.

25 million dollar taryhy taýdan garaýagyzlar üçin niýetlenen uniwersitetleriň hem-de kollejleriň gözleg merkezi bolan “Propel Center” guramasyna gider. Bular, esasan, XIX asyrda döredilen, hususan-da, gara tenli amerikalylary okatmak üçin döredilen ýokary okuw jaýlarydyr. Ýene 10 million dollar “Harlem Capital” maýa goýum gaznasyna berler we esaslandyryjylary käbir azlyklara degişli bolan maliýe kompaniýalaryna gitmeli bolar. 25 million dollar kiçi we orta kärhanalara maýa goýýan we azlyklara degişli telekeçilere aýratyn üns berýän “Clear Vision Impact Fund” maýa goýum gaznasyna gider.
Mundan başga-da, “Apple” şu ýyl Detroýtda oýlap tapyjylar üçin akademiýa döretmek niýetini mälim etdi. Bu akademiýanyň esasy maksady ýaş gara tenli telekeçileriň, işläp düzüjileriň we programmistleriň IOS programmalaryny ösdürmek üçin zerur bolan başarnyklaryny güýçlendirmekden we ösdürmekden  ybarat bolar.

 

düýn 20:48
641

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......

düýn 20:32
2.6k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

düýn 17:31
548

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

düýn 13:03
2.9k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....