2021-nji ýylda Ahal welaýatynda ulanyşa beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy maslahatlaşyldy

  • 14.01.2021 12:28
  • 24k+

13-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada giňişleýin habar berdi.

Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylda Kaka etrabynyň çäginde umumy meýdany 6 gektara barabar bolan ýyladyşhana, Kaka we Babadaýhan etraplarynda ýokary halkara ülňüleri esasynda enjamlaşdyrylýan dokma toplumlary we Aşgabat-Tejen aralygynda ýokary tizlikde awtomobil ýoly hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji nobatdakysynyň binalar toplumy ulanmaga berler.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýat boýunça meýilleşdirilen ähli işleriň guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigine ünsi çekdi.

şu gün 22:20
117

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

şu gün 22:18
111

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

şu gün 13:44
1.7k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......