Bahreýn täze “Formula-1” möwsüminiň birinji tapgyryny kabul eder

  • 12.01.2021 23:49
  • 3.7k+

“Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň birinji tapgyry 26-njy martdan 28-nji mart aralygynda Bahreýnde geçiriler. Ýaryşlaryň täze senenamasy “Formula-1-iň” resmi saýtynda ýerleşdirildi diýip, TASS habar berýär.

Çempionat 19-21-nji martda Melburnda başlamalydy, ýöne Awstraliýanyň Gran-Prisi 19-21-nji noýabra süýşürildi. Hytaýyň Gran-Pri tapgyry gurnaýjylaryň haýyşy boýunça näbelli möhlet bilen yza süýşüriler, senenamada onuň ornuny 16-18-nji aprelde Imolada geçiriljek Italiýanyň Gran-Prisi tutar. Üýtgeşmeler koronawirus pandemiýasy sebäpli çäklendirmeler bilen  baglanyşyklydyr.
Bu üýtgeşmeler 24-26-njy sentýabrda Soçide geçiriljek çempionatyň rus tapgyryna täsir etmedi.
Geçen möwsümde “Mersedes” toparyndan sürüji Lýuis Hemilton çempion boldy, ol ýedinji gezek baýraga eýe bolup, nemes Maýkl Şumaheriň rekordyny gaýtalady.

düýn 23:43
2.7k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
9.8k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......