Nusgawy sazlaryň bejeriş aýratynlyklary ýüze çykaryldy

  • 11.01.2021 22:59
  • 4.3k+

Hytaýyň Ylym ministrligi nusgawy sazlaryň bejeriş aýratynlyklaryny ýüze çykardy. Bu barada mymsk.online habar berdi.

Nusgawy sazlar diýlende, bu ýerde diňe Wolfgang Motsartyň, Iogan Bahyň we Lýudwig Bethoweniň... eserleriniň göz öňünde tutulmaýandygyny bellemek gerek.
Wuhan Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň Sungat terapiýasy gözleg merkeziniň müdiri Çžan Ýunyň aýtmagyna görä, beýik kompozitorlaryň sazlary adama dürli-dürli täsir edýär. Munda hemme zat, ilkinji nobatda, sazyň ritmine, owazlylygyna (tonallygyna), tempine, şeýle hem sazyň tembrine bagly bolup durýar. Şu aýratynlyklaryna baglylykda, saz adamy joşuryp ýa-da rahatlandyryp, gan basyşy peseldip ýa-da ýüregiň urşuny sazlap bilýär.
Şeýle hem Çžan Ýun häzirki wagtda suwuň şildirdisi, tolkunlaryň güwwüldisi, ýapraklaryň şygyrdysy ýaly seslerden ybarat sazlaryň bu babatda işjeň ulanylýandygyny aýtdy. Bu sesler ullakan gipnotiki we meditatiw täsirlere eýe diýip, hünärmen belledi.

 

düýn 14:55
1.7k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......