Bloomberg: Ilon Maskyň baýlygy 200 milliard dollardan geçdi

  • 10.01.2021 20:27
  • 7.8k+

Tesla we SpaceX kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Maskyň baýlygy ilkinji gezek 200 milliard dollardan geçdi diýip, Bloomberg agentligi Bloomberg Billionaries Index (BBI) reýtingine salgylanyp habar berýär. Muny Regnum agentligi ýetirýär.

Dünýäniň iň baý 500 adamlarynyň sanawynda Mask birinji orny eýeledi, bir ýylyň içinde onuň baýlygy 14,5 milliard dollar ýokarlanyp, 209 milliard dollara barabar boldy. Bu ösüşiň Tesla paýnamalarynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.
Sanawyň ikinji ornunda Blue Origin kosmiki kompaniýasynyň eýesi, Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos ýerleşýär, oňa The Washington Post neşirýat öýi hem degişli. Bezosyň baýlygy 186 milliard dollara ýetdi. Üçünji orunda Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts ýerleşýär, onuň baýlygy 134 milliard dollar.
Reýtingiň dördünji ornuny Louis Vuitton Moet Hennessy kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno eýeleýär, onuň baýlygy 3,03 milliard dollar ýokarlandy we 117 milliard dollar boldy.
Bäşligi Facebook internet toruny esaslandyryjy Mark Sukerberg jemleýär. Ol 430 million dollar ýitirdi. Netijede, onuň baýlygy häzir 101 milliard dollar bilen bahalandyrylýar.

düýn 10:45
3.2k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

düýn 09:49
2k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.8k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 11:29
4.7k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....