Pele Ronaldu bilen Messiden yza galmak islemeýär

  • 07.01.2021 22:39
  • 20k+

Braziliýaly rowaýaty hüjümçi Pele özüniň resmi Instagram sahypasyndaky ýazgysyny üýtgetdi. Indi onuň profilinde hüjümçiniň karýerasynda 1283 pökgi geçirip, ähli döwürleriň iň köp pökgi geçiren oýunçysydygy görkezilýär. Bu barada championat.com habar berýär.

Peläniň şahsy hasabynda bu düzediş “Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň täze rekord goýandygy mälim edilenden soň girizildi. 4-nji ýanwarda Ronaldu A Seriýada “Udinezä” garşy oýunda 758-nji goluny tora girizdi. Karýerasyndaky gollaryň sany boýunça portugaliýaly oýunçy resmi sanlara görä 757 pökgi geçiren Peleden öňe geçdi.
Indi bolsa braziliýaly futbolçy Instagramda has köp gol salandygyny aýdýar.
Şuňa meňzeş wakanyň "Barselonanyň" kapitany Lionel Messiniň rekordyndan soň hem bolup geçendigini ýatladýarys. Ol "Barselonanyň" düzüminde 644 pökgi geçirip, Peläniň bir klubdaky gollar boýunça rekordyny täzeledi. Şondan soň Braziliýanyň "Santos" kluby Peläniň klub üçin 1091 pökgi geçirendigini habar berdi.

şu gün 12:33
496

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

şu gün 12:21
213

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

düýn 18:20
3.6k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.9k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....