Şu ýylyň ýazynda ilkinji türkmen smart sagatlaryny satuwa çykarmak meýilleşdirilýär

  • 08.01.2021 08:11
  • 21k+

"Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy ilkinji döwlet smart-sagatlaryny öndürip başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kompýuter tehnologiýalary merkeziniň müdiri, şeýle-de bu başlangyjy ýola goýujy Hanmämmet Mollakow ORIENT bilen söhbetdeşlikde habar berdi.

Mollakowyň aýtmagyna görä, gajet “Saglyk” adyna eýe boldy, onuň kömegi bilen ulanyjylar beýleki zatlar bilen bir hatarda ýüregiň işleýşi, bedeniň temperaturasy, gan basyşy we onuň kislorod bilen üpjünçiligi we ş.m barada zerur maglumaty almak bilen, öz saglyk ýagdaýlaryna gözegçilik edip bilerler. Gurluş üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde işlär.
Programmalaryň arasynda bar bolan sport režimi türgenleşik, welosiped sürmek, suwda ýüzmek, ylgaw, tennis, golf we ş.m. wagtynda düşýän agram derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berer. Şeýle-de, bu işleriň dowamynda smart-sagadyň eýesiniň näçe kaloriýa ýitirendigini bilmek bolar.
Ýerli smart-sagatlary 42 millimetr diametre, keramiki arka örtükli plastik korpusa eýe bolar. Ol plastik örtügi bilen deňeşdirilende signallaryň, mysal üçin, ýüregiň kardiogrammasynyň has takyk bolmagyny üpjün eder.

Mollakow daşary ýurt kompaniýalarynyň bu önüm bilen eýýäm gyzyklanandygyny belleýär.

“Smart-sagatlary önümçilige goýbermek işi başlady, önümiň özi, meýilnamalarymyza görä, şu ýylyň ýazyna çenli satuwa çykar” – diýip, ol aýtdy.

şu gün 12:35
637

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

şu gün 12:23
1.7k+

Messi ChatGPT-niň mahabatynda düşdi

OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi....

şu gün 08:32
1.7k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.6k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......