Harri Potter dolanyp gelýär

  • 07.01.2021 20:16
  • 15k+

“Harri Potter” filmlerinde baş keşbi janlandyran iňlis aktýory Deniel Redkliff täze filmde meşhur keşbine dolanyp biler. Bu barada harpersbazaar.kz habar berýär.

Holliwudyň belli "insaýderi" Deniel Rihtmanyň öz Instagram sahypasynda berýän habaryna görä, Redkliff franşizanyň esasy ýyldyzlary bilen birlikde teklip aldy we kinostudiýa bilen jadygöý oglan hakda täze filmi düşürmek barada gepleşikleri geçirýär. Çeşme koronawirus pandemiýasy sebäpli gepleşikleriň haýal alnyp barylýandygyny belleýär.
Golaýda 31 ýaşly Deniel Redkliff öz Instagram sahypasynda “Harri Potter” hakyndaky altynjy filmiň skrinşotyny ýerleşdirdi. Şeýle-de bolsa, täze filmiň düşürilýändiginiň resmi tassyklamasy ýok. Eger filmiň täze bölümi hakykatdanam surata düşürilýän bolsa, onda ol J.K. Rowlingiň 2016-njy ýylda çykan “Harri Potter we näletlenen çaga” pýesasynyň esasynda bolar.
Ondan öň, Ruper Grintiň Ron Uizliniň keşbine gaýdyp gelmäge taýýardygy habar berlipdi.

şu gün 07:28
625

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

şu gün 00:08
2.4k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

düýn 23:16
2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

düýn 19:43
2.4k+

Barlag: Adamlar öňkülerinden az gürläp başladylar

Kanzas-Siti şäherindäki Missuri uniwersitetiniň we Arizona uniwersitetiniň alymlary adamlaryň ortaça dilden gepleşigi has az ulanyp başlandyklaryny anykladylar. Barlagyň netijelerine görä, soňky ýyllarda......