2021-nji ýylda haýsy filmleriň çykmagyna has köp garaşylýar?

  • 04.01.2021 23:51
  • 15k+

“Variety” gazetinde 2020-nji ýylda çykmagy meýilleşdirilen, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürilen täze filmleriň toplumy düzüldi. Bu barada nation-news.ru habar berýär.

Eddi Merfiniň baş keşbi janlandyrýan "Amerika syýahat" komediýasy indiki ýazda prokata çykar. Şeýle hem, tomaşaçylara “Reýa we soňky aždarha” animasion filminiň hem-de “Nýuarkyň köp mukaddesleri” kriminal dramasynyň premýeralary garaşýar. 2021-nji ýylda “Morbius” filmi, Bondiananyň jemleýji bölümi bolan “Ölmegiň wagty däl”, “Godzilla Konguň garşysyna” atly ylmy-fantastik filmi, Marwel studiýasynyň blokbasteri “Gara dul” we “Forsaž” filminiň dokuzynjy bölümi prokatlarda peýda bolar.
Tomusda kinoteatrlarda täze "Arwah awçylary", "Minionlar", "Wenom" we "Kosmiki jem"-iň ikinji bölümi  görkeziler. Köpden bäri garaşylýan “Dýun”, “Iň soňky duel”, “Bitirmesi kyn tabşyryk-7” we “Elwis” filmleriniň bolsa şu güýzde çykmagyna garaşylýar.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....