Türkmenistan jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň işine çäklendirmeleriň möhletini uzaltdy

  • 03.01.2021 15:44
  • 18k+

Sebitde we dünýäde çylşyrymly epidemiologik ýagdaý bilen baglylykda, Türkmenistanda söwda, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň we dini edaralarynyň işine çäklendirmeleriň möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli uzaldyldy. Bu barada ORIENT habar berýär.

Çäklendirmeler kinoteatrlara, teatrlara, seýilgählerdäki oýun attraksionlaryna, muzeýlere, gözellik salonlaryna, hammamlara we sport desgalaryna (suwda ýüzülýän howuzlara, fitnes we aerobika boýunça klublara) degişlidir. Şeýle hem çäklendirmeler eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, gysga möhletli tölegli okuwlaryň we oýun merkezleriniň ählisine degişlidir. 
Sosial hyzmatlar ulgamynda ýurdumyzda häzirki wagtda hereket edýän arassaçylyk-öňüni alyş çärelerini berk berjaý etmek we 09:00-dan 20:00-a çenli tertipde işlemek şertlerinde dellekhanalara we tikinçilik atelýelerine rugsat berildi.
Fewral aýynyň başyna çenli şeýle hem söwda (azyk we gündelik zerurlykdaky harytlaryň söwdasyny edýän dükanlardan başgalary) we jemgyýetçilik iýmiti (toý mekanlary, restoranlar, kafeler we naharhanalar) kärhanalarynyň işi çäklendiriler.
Şeýle hem bellenilen möhlete çenli metjitler we zyýarat edilýän ýerler ýapyk bolmagynda galar.

düýn 20:27
1.7k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......

düýn 20:16
2.8k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 16:53
1.7k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

düýn 16:11
1.2k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....