Maşynyň gyşda hem ilkinji gezekde otlanmagy üçin näme etmeli?

  • 02.01.2021 19:05
  • 32k+

Awtoulagyň ilkinji gezekde otlanmaýan ýagdaýlary seýrek bolanok. Munuň birnäçe sebäbi bolup bilýär, ýöne bu köplenç akkumulýator batareýasy bilen baglylykda ýüze çykýar. Awtoulag hünärmenleri awtoulagyň gyşda hem aňsat otlanmagy üçin näme etmelidigi baradaky maslahatlaryny paýlaşdylar. Muny car.ru ýetirýär.

Awtoulagyňyzyň gyşda birnäçe sagat hereketsiz durandan soň birinji gezekde otlanmazlygynyň sebäbi — hatardan çykan otlama uçguny ýa-da benzin nasosy, şeýle hem akkumulýator bilen baglanyşykly meseleler bolup biler.
Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin ýokary hilli batareýalary satyn almaga çalyşmaly. Hökman meşhur brendleriň önümi däl, ýöne näbelli öndürijidenem däl. Şunda önümiň baha-hil gatnaşygyna aýratyn üns bermek zerurdyr.
Satyn alnanda, önümiň öndürilen senesine serediň, geçmän baslygyp ýatan we şoňa görä, zarýadyny ýitiren önümi satyn almaň.
Üç ýyl töweregi hyzmat edýän pes batareýalary satyn almazlyk, oňa derek has uzak ömri bolan gurşun-kislotaly (AGM), gibrid, gelli ýa-da kalsili batareýalary saýlamak has dogrudyr. Hereketlendirijiniň sygymy onuň görnüşine bagly bolýar. Meselem, 1,5 litrlik benzin agregaty 55 A/sagatlyk akkumulýatory, dizel agregaty bolsa, azyndan, 65 A/sag sygymy talap edýär.
Batareýanyň hyzmat ediş möhletiniň uzaklygy we şoňa görä motoryň kynçylyksyz otlanmagy oňa düşýän agrama, bortdaky elektronikanyň ulanylmagyna we idegine baglydyr. Şonuň üçin batareýanyň ýagdaýyna gözegçilik edip durmak gerek - klemmalary yzygiderli arassalap we çekdirip durmaly, elektrolitiň derejesini barlamaly we zerur bolsa, distillendirilen suw bilen doldurmaly.
Mundan başga-da, hünärmenler starteri 5 sekuntdan uzak towlamazlygy maslahat berýärler, sebäbi bu batareýada energiýanyň biderek sarp edilmegine sebäp bolýar. Şeýle hem, gyş möwsüminde aýda azyndan iki gezek batareýa zarýad beriji bilen zarýad bermäge çalyşmaly.

şu gün 11:21
41

BMW-niň gatnaşmazlygynda döredilen seýrek BMW auksiona çykaryldy

«Bring a Trailer» onlaýn auksionynda 1955-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän EMW 327 Sport kabrioleti satuwa çykaryldy. Habar çap edilen pursatynda awtoulag üçin goýlan nyrh 40 250 dollara ýetdi, söwdalaşygyň tamamlanmagyna bolsa ýene üç gün bar...

şu gün 07:23
915

Nissan 2026-njy ýylyň täzelenen X-Trail krossowerini hödürledi

Nissan kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin X-Trail krossoweriniň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Awtomobil daşky görnüşinde ujypsyzja üýtgeşmelere, täze programma üpjünçiligine we sürüji üçin kämilleşdirilen kömekçi ulgamlaryna eýe boldy...

düýn 21:25
2.7k+

Jeep Wrangler berklik synaglarynda agdarylmagyny bes etdi

Jeep kompaniýasy 2026-njy ýylyň modelleri bolan Wrangler we Gladiator wnedorožnik awtoulaglaryny döwrebaplaşdyryp, agdarylmak meselesini aradan aýyrdy. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky ätiýaçlandyryş institutynyň (IIHS) habar bermegine görä, bu mesele ençeme ýyllaryň dowamynda kraş-testlerde (berklik synaglarynda) bu modellere böwet bolup gelýärdi...

düýn 15:07
2k+

BMW X7 krossoweriniň iki seýrek görnüşini görkezdi: olar diňe internet arkaly satylar

BMW Korea kompaniýasy flagman X7 krossoweriniň iki sany çäkli neşir görnüşiniň çykarylandygyny yglan etdi. Satuwlar diňe BMW Shop Online arkaly amala aşyrylar we söwda 10-njy martda başlanar. Birinji wersiýasy - BMW X7 M60i xDrive M Sport Pro Marina Bay Blue Edition...