"Wiruslar, takmynan, iki ýyllap ýaýraýar, diýmek biz ýoluň ýaňy bir ortasynda" - BSGG

  • 28.12.2020 16:25
  • 24k+

BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň başlygy Hans Klýugeniň bellemegine görä, täze koronawirus ýokançlygyndan gutarnykly üstün çykmak üçin entek köp ýol geçmeli, sebäbi dünýä häzirki wagtda bu ýoluň bary-ýogy ýarysyna ýetdi. Bu hakda cursorinfo.co.il habar berýär.

Hans Klýuge şeýle wiruslaryň ýaýramagy üçin iki ýyl töweregi wagtyň gerekdigini belleýär. Diýmek, şu wagt dünýä ýarym ýolda diýmäge esas bar.
Şeýle hem, ol BSGG-de häzirki wagtda pandemiýa bilen baglanyşykly islendik çaklamany öňe sürmekde gaty seresaplylyk bilen çemeleşilýändigini, sebäbi bular ýaly ýagdaýda geljekde nämeleriň bolup-bolmajagyny öňünden aýtmagyň juda kyndygyny nygtady.
Klýugeniň pikiriçe, wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak, onuň ýaýraýşyna gözegçilik etmek we lokdaun düzgünini girizmek bilen bagly giňişleýin çäreleri işjeň ulanmak täze ýokanç keseliň ýokuşma hadysalarynyň sanynyň azalmagyna getirýär. Emma sähelçe arkaýynlyga ýol bermegiň hem ýagdaýyň has-da ýaramazlaşmagyna getirip biljekdigini hünärmen belleýär.

düýn 07:25
4.2k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
4.4k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......

31.05.2026 00:28
5.2k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....

30.05.2026 19:41
6.5k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......