Täze Zelandiýada “Ýüzükleriň hökmürowany” serialynyň surata düşürilişi tamamlandy

  • 28.12.2020 15:41
  • 7.5k+

Täze Zelandiýada J.R.R.Tolkiniň adybir eseri boýunça döredilen “Ýüzükleriň hökmürowany” teleserialynyň surata düşürilişi tamamlandy diýip, lenta.ru “The Independent” neşirine salgylanmak bilen habar berýär.

Surata düşüriliş ýylyň başynda başlapdy, ýöne bir aýdan awtorlar koronawirus pandemiýasy sebäpli işleri togtatmaga mejbur boldular.
Sentýabr aýynda ol dikeldildi, dekabr aýynyň ahyrynda bolsa ispan režissýory Huan Antonio Baýona Instagramynda surata düşürilişiň şu aýyň başynda tamamlanandygyny aňladýan surat ýerleşdirdi.
Özüniň ýalaňaç aýagynyň suratyny ol şeýle teswirledi: “Täze Zelandiýadan soňky kadr. Meniň bu ajaýyp topraga we ajaýyp adamlara soňky bir ýarym ýylyň içinde bu ýerde bolup geçen zatlar üçin minnetdarlyk bildirmäge sözüm ýetenok. Yzyma dolanmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn”.

“Bu ýere adam ýaly gelýärsiň, emma gideniňde özüňi hobbit hökmünde duýýarsyň. Şeýle ýagdaýlar bolýar. Indi hemişe bu ýer seni garşylamaga şat bolar” – diýip, taslamanyň aktýorlarynyň biri Jed Brofi serialyň işlerini teswirledi.

Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, serial ekrana 2021-nji ýylda çykmaly.

düýn 17:04
2k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....