Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 80 mln adamdan geçdi

  • 28.12.2020 13:05
  • 10k+

Pandemiýa başlany bäri tutuş dünýäde koronawirus bilen 80 351 598 adam keselledi, bu statistika Jons Hopkins uniwersitetiniň saýtynda ýygnaldy. Bu barada polit.ru habar berýär.

Kesellänleriň sany boýunça ABŞ birinji ýerde durýar (18 982 634 keselli). Ikinji orunda Hindistan (10 187 850), üçünji orunda Braziliýa (7 465 806), dördünji orunda Russiýa (2 992 123), bäşinji orunda bolsa Fransiýa (2 607 688) ýerleşýär.
Pandemiýa başlany bäri dünýäde koronawirusdan 1 757 657 ölüm ýagdaýy hasaba alyndy. ABŞ-da 331 909 adam, Braziliýada – 190 795, Hindistanda – 147 622, Meksikada – 122 026, Italiýada – 71 620 adam ýogaldy. Russiýa koronawirusdan ölüm sany boýunça dokuzynjy orunda ýerleşýär (53 539 adam).
Koronawirusyň ýaýrap başlan ýeri bolan Hytaýda 95 541 keselli we 4 770 ölüm hasaba alyndy.
Kesellileriň iň az sany Solomon adalarynda (17 adam), Samoada (2 adam) hasaba alyndy, Wanuatada diňe bir keselli ýüze çykaryldy.

04.04.2026 15:19
6.2k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....

03.04.2026 21:00
3.4k+

Gazagystanda şu ýyl düwnük keseline garşy täze derman serişdesini hasaba almaga taýýarlanýarlar

Gazagystanly alymlar rak keseline garşy göreşýän DVC derman serişdesini işläp taýýarlamagy dowam etdirýär. Kliniki synaglaryň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar, şondan soň ony hasaba almak üçin......

03.04.2026 20:56
10k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar......

03.04.2026 12:06
4.2k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......