Wideo oýunlary döredijileriň girdejisi kino we sport pudagynyň girdejilerinden öňe geçdi

  • 27.12.2020 15:36
  • 5.2k+

COVID-19 pandemiýasynyň netijesinde wideo oýunlar girdejileri boýunça kinodan we sportdan öňe geçdiler. Bu barada Interfaks agentligi habar berýär.

IDC kompaniýasynyň analitikleriniň hasaplamagyna görä, wideo oýunlarynyň girdejisi 2020-nji ýylyň jemi boýunça 20% ýokarlanyp, 179,7 milliard dollara barabar bolar. Şol bir wagtyň özünde, 2019-njy ýylda global kino pudagynyň girdejisi ilkinji gezek 100 milliard dollara ýetdi, dünýäniň sport pudagynyň girdejisi bolsa 2020-nji ýylyň jemi boýunça 75 milliard dollar bolar.
Koronawirus pandemiýasy bu iki pudaga zyýanly täsirini ýetirdi, wideo oýunlar pudagyna bolsa wirus tersine ýardam etdi, netijede ösüş iki belgili boldy. 2021-nji ýylda ýokanja garşy sanjymyň ýaýrajakdygyna garamazdan, hünärmenler täze nesliň oýun konsullarynyň çykmagy sebäpli pudakda işjeň ösüş dowam eder diýip hasaplaýarlar.
Wideo oýunlarynyň pudagy soňky birnäçe ýylda smartfonlaryň täze mümkinçilikleri bilen bagly hem yzygiderli ösýär. Şeýle gajetlerdäki oýunlardan gelýän girdejiniň ösüşine Hytaý uly goşant goşar diýlip çaklanylýar, global mobil oýunlary pudagynyň girdejileriniň bolsa ýyllyk aňlatmasynda 24% ýokarlanyp, 87,7 milliard dollara ýetmegine garaşylýar.

şu gün 17:02
1.1k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

düýn 22:44
4.5k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

düýn 08:37
6.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.7k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......