Çempionlar ligasynyň we kubogynyň taryhynda iň gowy klub yglan edildi

  • 26.12.2020 20:31
  • 12k+

UEFA-nyň resmi saýtynda Çempionlar kubogynyň we Çempionlar ligasynyň tutuş taryhynyň, ýagny 1955-2020 ýyllar aralygynyň iň gowy klublarynyň sanawy çap edildi. Sanawa görä, Ýewropanyň Çempionlar kubogynyň taryhynda ähli tarapdan öňdebaryjy klub Madridiň “Realy” boldy. Iň köp kubok, iň köp oýun, iň köp ýeňiş, iň köp deňme-deňlik, iň köp utulyş, hatda iň köp geçirilen we öz derwezesine goýberilen gollar boýunça hem "Real" öňdeligi saklaýar. Ikinji ýerde "Bawariýa", üçünji ýerde bolsa "Barselona" orun aldy.

Sanawda klublar teoretiki utuklara görä degişli yzygiderlilikde ýerleşýär (ýeňiş üçin - iki utuk, deňme-deňlik üçin - bir utuk, goşmaça wagtyň netijeleri hasaba alynýar, 11 metrlik jerime urgulary bolsa deňme-deňlik hasaplanýar). Onda saýlama tapgyrlaryndaky we pleý-off oýunlary hem göz öňünde tutulýar.
Madridiň "Realy", ortaça alanyňda, 34 oýunda bir kubok gazandy. Bu ilkinji 30-lykdaky iň gowy görkeziji. Şol bir wagtyň özünde, Ýewropanyň Çempionlar kubogynyň 1981/82 möwsüminiň ýeňijisi “Aston Villa” 15 oýunda bir kubok, "Nottingem Forest" bolsa 20 oýunda iki kubok aldy. Beýle görkezijiler eýýäm geçmişde galdy. Indi Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak üçin, azyndan, 13 duşuşyk geçirmeli. Şu nukdaýnazardan, "Nottingem Forest"-iň görkezijisi mizemese gerek.

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......