Sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin Pudagara toparyň mejlisi geçirildi

  • 25.12.2020 14:16
  • 3.7k+

24-nji dekabrda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin pudagara iş toparynyň onlaýn maslahaty geçirildi.

Şu gezekki mejlisiň işine onlarça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, häkimlikleriň, banklaryň, beýleki edara-kärhanalaryň wekilleri, IT meýdançalaryň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň Düzgünnamasyna hem-de düzümine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meseleleri girizildi.
Şeýle hem “Türkmenaragatnaşyk” agentligi identifikasiýalaşdyrmagyň we autentifikasiýalaşdyrmagyň bitewi ulgamynyň (IABU) milli taslamasyny mejlise gatnaşyjylara hödürledi, bu ulgam elektron hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen, maglumat giňişligine gatnaşyjylaryň (isleg bildirýän raýatlaryň hem-de ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň) döwlet elektron serişdelerine ygtyýarlandyrylan elýeterliligini üpjün etmäge ýardam berer.
Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň bitewi portalynda «e.gov.tm» bellige almak kadalary berjaý edilenden soňra şeýle elýeterlilik üpjün edilýär.
Mundan başga-da, iş toparynyň mejlisinde Pudagara elektron hyzmaty ulgamynyň (PEHU) ýurdumyzyň merkezi, sebit we ýerli häkimiýet edaralaryna, karz edaralaryna we PEHU beýleki gatnaşyjy raýatlara hem-de guramalara elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän maglumat ulgamynyň taslamasy hödürlendi.

düýn 18:14
1.8k+

SpaceX birža çykmak üçin arza tabşyrdy: Mask tiz wagtdan trillioner bolup biler

SpaceX kompaniýasy öz paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi taýdan arza berdi. Bu IPO-nyň Woll-strit taryhynda iň uly taslama bolmagyna we Ilon Maskyň baýlygyny ep-esli artdyrmagyna......

20.05.2026 07:31
1.4k+

Hytaý daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny ýeňilleşdirýär

Hytaýyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada karar kabul etdiler. Täze düzgünler myhmanlaryň söwda etmegini aňsatlaşdyrmaga we ýurda......

19.05.2026 08:02
5.2k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

18.05.2026 21:15
1.4k+

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 13 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 13 million 66 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan 19 sany geleşik hasaba alyndy....