Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi

  • 25.12.2020 14:00
  • 3.6k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen iş duşuşygynda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri hem-de mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, döwlete degişli däl ulgamdaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hususy maliýe edaralary, kiçi kärhanalar, ýurdumyzyň orta we iri kompaniýalary üçin maýa goýumlaryny bölüp bermegiň hem-de maslahat hyzmatlaryny hödürlemegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilhanasynyň baştutany türkmen ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildirip, ÝTÖB-niň maliýe hem-de maslahat beriş hyzmatlary arkaly telekeçiligi ösdürmäge ýardam etmek maksady bilen, ýurdumyzyň hususy pudagy bilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirjekdigini nygtady.

düýn 22:20
2.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 22:18
2.5k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......