Ýaponiýada adamy barmakdaky gan damarlaryndan tanap bilýän enjam döredildi

  • 24.12.2020 22:39
  • 8.3k+

Ýaponiýanyň Hitachi kompaniýasy adamy barmaklaryndaky gan damarlarynyň çyzgysyndan tanap bilýän enjamy tanyşdyrdy. Bu barada NHK portalyna salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berýär.

Işläp düzüjileriň pikiriçe, skaner edilenden soň maglumatlar bulut hasaplaýyş hyzmaty arkaly ulanyjynyň kredit kartoçkasynyň maglumatlary bilen baglanyşýar, şonuň netijesinde ähli satyn alyşlary gapjyksyz ýa-da smartfonsyz amala aşyryp bolýar.
Işläp düzüjiler gan damarlarynyň çyzgysyny galplaşdyrmagyň barmak yzlaryny galplaşdyrmakdan has kyndygyny, sebäbi olaryň bedeniň içinde ýerleşýändigini belleýärler.
Bu täze usuly işläp düzen kompaniýa tehnologiýany müşderileri hasaba almakda ulanmak üçin myhmanhanalara teklip edýär.
Şol bir wagtyň özünde, Hitachi adamy tanamak pudagynda täze çözgütleri hödürleýän ýeke-täk kompaniýa däl. Hususan-da, Normee ýapon startapy adamyň ýüzüni çyzyklar we aýasyndaky gan damarlarynyň formasy boýunça tanamaga mümkinçilik berýän ulgam döretdi.
Kompaniýanyň gözleg we işläp taýýarlaýyş toparynyň başlygy ulgamyň köp ýerlerde ulanylyp bilinjekdigini, sebäbi oňa işlemek üçin ýörite enjamlaryň zerur däldigini aýtdy.

10.06.2026 11:22
1.7k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

10.06.2026 11:10
757

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......