Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

  • 23.12.2020 19:00
  • 7.2k+

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon bankynyň baştutany Tadaşi Maeda bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary ösüş depginini nygtadylar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi hem-de Türkmenistanyň çägindäki iri möçberli taslamalaryň, şol sanda Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumynyň, Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawodynyň hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän (GTG) zawodynyň durmuşa geçirilmegine ýapon tarapynyň gatnaşandygy barada aýdyldy. Şeýle-de ýapon hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň dowam edýändigi nygtalyp geçildi.
Mundan başga-da, taraplar dowam edýän taslamalar bilen bir hatarda gazhimiýa, ulag we oba hojalyk ugurlary boýunça geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy barada gürrüň edip, taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasyndaky infrastruktura ulgamy boýunça özara hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnamanyň ähmiýetini belläp geçdiler.
Hyzmatdaşlygyň indiki tapgyrlary barada işjeň pikir alşyldy. Ýapon tarapynyň häzirki zaman ýagdaýlaryny nazara almak bilen Türkmenistanda maýa goýum hereketlerini amala aşyrmaga bolan gyzyklanmasy beýan edildi.

düýn 22:20
2.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 22:18
2.6k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......