W.Putin öňki Prezidentiň eldegrilmesizligi baradaky kanuna gol çekdi

  • 23.12.2020 18:54
  • 35k+

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin täzelenen Konstitusiýa laýyklykda öňki döwlet baştutanyna we onuň maşgala agzalaryna kepillikler baradaky kanuna gol çekdi. Degişli resminama Hukuk maglumatlarynyň resmi internet portalynda çap edildi.

Kanuna laýyklykda, ygtyýarlyklaryndan peýdalanmagyny bes eden prezident jenaýat ýa-da administratiw jogapkärçilik çekmez, şeýle hem saklanyp, tussag edilip, barlanyp, soraga çekilip ýa-da şahsy gözden geçirilip bilinmez.
Kanun öňki prezidentiň eldegrilmesizliginiň onuň ýaşaýan jaýyna we edara binasyna, ulaglaryna, aragatnaşyk serişdelerine, resminamalaryna we goş-golamlaryna, hat alyşmalaryna hem degişlidigini göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, öňki prezidenti eldegrilmesizlikden mahrum etmegiň tertibi Konstitusiýanyň kadalaryna (Konstitusiýanyň 93-nji maddasy) laýyklykda amala aşyrylýar.

şu gün 13:03
192

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

şu gün 11:43
827

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

şu gün 11:16
548

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

düýn 20:27
2.8k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......