BSGG Awstraliýada, Daniýada we Niderlandlarda koronawirusyň täze ştamyny ýüze çykardy

  • 21.12.2020 16:19
  • 18k+

Ilki Beýik Britaniýada ýüze çykarylan COVID-19 koronawirusynyň täze görnüşi Niderlandlarda, Daniýada we Awstraliýada hem tapyldy. Bu barada BBC News teleýaýlymyna Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) habar berdi diýip, interfax.ru belläp geçýär.

BSGG-niň saglygy goraýyş pudagynda adatdan daşary ýagdaýlar maksatnamasynda işleýän Mariýa Wan Kerkhowe guramanyň pandemiýanyň tutuş dowamynda koronawirusyň özgermegine gözegçilik edýändigini belledi.
Niderlandlaryň hökümeti täze ştamyň ýaýrama mümkinçiligini öwrenmek üçin ýakyn günlerde Ýewropa bileleşigine agza ýurtlar bilen bilelikde işleşip başlajakdygyny aýtdy. Habar berlişi ýaly, Beýik Britaniýada COVID-19-yň täze görnüşiniň ýaýramagy bilen bagly Londonda, Gündogar we Günorta-Gündogar Angliýada, şeýle-de Uelsde ýekşenbe gününden lokdaun girizildi.
SARS-CoV-2 koronawirusynyň täze ştamy Britaniýada sentýabr aýynda ýüze çykaryldy, ýöne indi bu habaryň ähmiýeti baradaky maglumatlar tassyklandy. Resmi taýdan bu mutasiýa netijesine N150Y diýilýär. Häzirki wagtda hut şu ştam bilen müňe golaý ýokanç ýagdaýy bellige alyndy.
Alymlar N150Y-nyň ölüm howply däldigini we adaty ýokançdan uly kynçylygy döretmeýändigini çaklaýarlar, ýöne bu mutasiýa has ýokuşagan – käbir maglumatlara görä, ony kabul etmek 70 göterim aňsat.

20.06.2026 12:08
7.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......