Türkmenistan bilen Gazagystan serhetýaka söwdasy üçin ýörite zolak döredip biler

  • 19.12.2020 19:29
  • 8.4k+

Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gazagystanyň Mangistau sebitiniň arasynda geljekde serhetýaka söwdasy üçin ýörite zolak döredilip bilner. Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Ýerkebulan Sapiýew bu barada türkmen metbugatynda neşir eden makalasynda ýazýar.

Sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk iki döwletiň ykdysady ösüşi üçin mümkinçilikleri giňeltmek bilen işjeň ösýär. 2020-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 109,7 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Karantin çäreleri we koronawirus bilen bagly dünýädäki ýagdaý sebäpli bu görkezijiniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende peselendigine garamazdan, 2020-nji ýylyň ahyryna çenli ýurtlar oňyn ösüşe garaşýarlar diýip, ilçi ýazýar.
Diplomatik missiýanyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen Gazagystanyň üstaşyr ulag we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygynyň geljegine ünsi çekdi. Ol Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ulanylmagynyň hem-de Türkmenbaşy we Aktau deňiz portlaryny ösdürmegiň özara bähbitli üstaşyr gatnawlar üçin ýokary mümkinçiliginiň bardygyny belledi.
Sapiýew Türkmenistanda gök-bakja we maldarçylyk önümlerini öndürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny hem belläp geçdi. Onuň pikiriçe, türkmen oba hojalyk hünärmenleri Gazagystanyň günbatar sebitleri bilen bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berk köprüsini gurup bilerler.

düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......