UNWTO: halkara syýahatçylyk 2020-nji ýylda 30 ýyl öňki derejesine çenli peseldi

  • 19.12.2020 18:30
  • 4.4k+

BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) maglumatlaryndan görnüşi ýaly, halkara syýahatçylygy 2020-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda 70%-den gowrak, ýagny 1990-njy ýyldaky derejesine çenli peseldi. Bu barada tourism.interfax.ru habar berýär.

“2020-nji ýylda halkara syýahatçylygynyň 72% pese gaçmagy syýahat çäklendirmeleri, sarp edijileriň ätiýaçlyk etmegi we koronawirusa garşy global göreş bilen baglanyşyklydyr. Bularyň ählisi şu ýylyň syýahatçylyk taryhynda iň ýaramaz ýyl bolmagyna sebäp boldy. Soňky maglumatlara görä, ýanwar-oktýabr aýlarynda dünýä ýurtlary 2019-njy ýylyň degişli döwrüne garanda 900 million az syýahatçy kabul etdi” – diýlip, guramanyň habarynda aýdylýar.

Onuň maglumatlaryna görä, bu halkara syýahatçylykdan 935 milliard dollarlyk eksport girdejisiniň ýitmegine getirdi, bu bolsa 2009-njy ýylda global ykdysady çökgünlik sebäpli pudagyň çeken ýitgisinden 10 esse köpdür.

“Halkara syýahatçylaryň sanynyň ýylyň ahyryna çenli 70-75% azalmagyna garaşylýar. Şeýle ýagdaýda gelýänleriň sanynyň 1 milliard azalmagy we, takmynan, 1,1 trillion dollar ýitgi bilen dünýä syýahatçylygy 30 ýyl mundan ozalky derejesine gaýdyp geler” – diýip, UNWTO belleýär.

2019-njy ýylda beýleki ýurtlara syýahat eden syýahatçylaryň sany 1,5 milliarda ýetdi. Bu 2018-nji ýyldaky derejesinden 4% köpdür.

düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....